Häzirki zaman dünýäsiniň iň bir kämil desgalarydyr enjamlaryna eýe bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Körpeje» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri Garaşsyz Diýarymyzyň esasy ýerasty baýlyklary bolan «gara altynyň» we «mawy ýangyjyň» çykarylýan möçberleriniň durnukly artdyrylmagyna mynasyp goşant goşmagy başarýarlar. Olar türkmen geologlary tarapyndan anyklanan meýdançalarda buraw desgalaryny oturtmak bilen, has çuň gatlaklara ynamly aralaşyp, uglewodorod çig mallarynyň täze-täze gatlaklaryny açmaklygyň hötdesinden gelýärler.
Bu öňdebaryjy müdirlikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen döwründe hem oňat netijelere eýe bolundy. Has takygy, kärhananyň hünärmenleri dag jynslarynyň jemi 11 müň 994 metre barabaryny gazyp, önümli guýularyň üçüsini ulanyşa berdiler.