«Türkmennebit» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň müdirlikleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna mynasyp işleri bitirmegi başarýarlar. Muňa kärhananyň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginde alnyp barylýan işler hem doly şaýatlyk edýär. Önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýulary gaýtadan hatara goşmak bilen meşgullanýan müdirlikde şanly ýylymyzyň geçen döwründe düýpli abatlanan guýularyň sany 93-e ýetdi. Olaryň 75-siniň önümçilige tabşyrylmagy netijesinde goşmaça alnan «gara altynyň» möçberi 26 müň 500 tonnadan hem geçdi. Munuň özi göz öňünde tutulan meýilnamanyň 134 göterim ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Müdirligiň hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy dabaraly belleniljek şanly ýylymyzyň ahyryna çenli düýpli abatlanylyp, gaýtadan hatara goşulan guýulardan goşmaça alynjak «gara altynyň» umumy möçberini has-da artdyrmagy maksat edinýärler.