Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklary bilen birlikde, nebitgaz ulgamynda-da döwrebap işler alnyp barylýar. Bu toplumyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynda iş alyp barýan dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary şu günler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besleýärler. Şunda konserniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabat şäherindäki Abatlaýyş-mehaniki zawodynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramçylygyna taýýarlygyň çäklerinde amala aşyrylýan işler özüniň netijeliligi bilen tapawutlanýar.
Zawoddaky nebitgaz senagat we buraw enjamlaryny düýpli abatlaýyş, bug-gazan, mehaniki, metal guýujy we rezin önümleri sehlerinde dürli maksatly enjamlaryň 100-den gowragynyň jemlenmegi zawodyň hyzmat ediş çäginiň giňdiginden habar berýär. Kämil enjamlardyr gurallaryň jemlenen ýerlerinde halypa-şägirtlik mekdebiniň dowamat-dowam boljakdygy has-da düşnüklidir. Kärhanada zähmet çekýänleriň agramly böleginiň ýaşlardygyny hem aýtmak gerek. Hut şu ýagdaý bu kärhanada halypalara uly sarpa goýulýandygyna güwä geçýär. Halypalar özlerine berkidilen şägirtleriň ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanýarlar.