«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary hem howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-kärhanalaryň ýyladyş ulgamlarynyň işe girizilýän möwsümine guramaçylykly girişýärler.
Häzirki döwürde edaranyň gazçylary tarapyndan Gubadag etrabynyň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 1400 kilometre golaý ýerine, gaz sazlaýjy hem-de paýlaýjy enjamlaryň bolsa 370-den gowragyna ýokary derejede gözegçilik edilýär. Şol gaz desgalarynyň gije-gündiziň dowamynda saz işlemegi ugrunda göreldeli zähmet çekýän edaranyň işçi-hünärmenleri geçen aýy üstünlikli jemlemek bilen, oktýabr aýynyň işlerini guramaçylykly dowam edýärler. Gaz hojalyk edarasynyň işgärleri tarapyndan häzirki wagtda durmuşa geçirilýän işler barada edaranyň baş inženeri Jemşit Myradow bilen başlan gürrüňdeşligimiziň dowamy «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna beslenen şu ýylymyzyň başyndan bäri gaz desgalaryny gyş möwsümine taýýarlamakda amala aşyrylan işler baradaky gürrüňlere syrygyp gitdi.