Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki işlerini döwrebap guraýan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti arkaly «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe özleriniň gündelik durmuşynda tebigy gazyň hözirini görüp ýaşaýan welaýatyň bagtyýar ilatynyň Arkadagly Serdarymyzyň bu sahawatyna hoşallyklarynyň, ýürek alkyşlarynyň çägi ýok.
Welaýatyň iň iri etraplarynyň biri bolan Sakarçäge etrabynyň obalarynyň ýaşaýjylarynyň öý-ojaklaryny tebigy gaz bilen ýylyň dowamynda ýeterlik derejede üpjün etmek «Sakarçägeetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň hünärmenleriniň, işçileriniň her biriniň gündelik baş aladasy bolup durýar. Edaranyň gazçylary häzir otuz üç müň ýedi ýüz segsen ýedi sany hojalyga, etrabyň çägindäki edara-kärhanalaryň bolsa elli altysyna hyzmat edýärler. Olar umumy uzynlygy bir müň üç ýüz elli bäş kilometr alty ýüz iki metr bolan ýokary, orta, pes basyşly gaz geçirijileriň «mawy ýangyjy» geçirişini hemişe gözegçilikde saklaýarlar. Gazçylar etrabyň ilatynyň sanynyň ýyl-ýyldan artýandygyna görä, bellenilen meýilnama esasynda gaz geçirijileriň göwrümini giňeltmek, degişli ýerlerinde abatlaýyş işlerini geçirmek, şeýle hem täze döreýän ilatly ýerlerde, Milli maksatnama laýyklykda, gaz geçirijilerini gurmak işlerini ýerine ýetirýärler.