Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary ajaýyp üstünliklere beslenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp sowgatlar bilen garşy aldylar. Şolaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy hem bar.
Bu öňdebaryjy kärhananyň agzybir zähmet adamlary Murgap etrabynyň dolandyryş merkezi bilen ýanaşyk ýerde, etrabyň köp ilatly obalaryna barýan ýoluň ugrundaky durky düýpli täzelenilen 186-njy awtoulaglara ýangyç guýujy bekediň täze binasyny gurup ulanmaga berdiler. Beketde dünýäniň ösen döwletleriniň önüm öndürijileriniň öndüren iň kämil tehnologiýaly ýangyç guýujy enjamlary oturdyldy. Onda optiki-süýümli kabelleriň, wideogözegçilik enjamlarynyň gurnalmagy işleri sanly ulgam arkaly ýerine ýetirmeklige mümkinçilik berer. Sürüjiler bu ýerde awtoulaglaryna benziniň A-80, A-92, Eko-93, A-95 görnüşlerini we dizel ýangyjyny guýup bilýärler. Bekediň işgärleri müşderiler bilen hasaplaşygy nagt hem nagt däl görnüşde geçirýärler. Bu beket taslama kuwwatlygy boýunça her gije-gündizde ýedi ýüz elli awtoulaga hyzmat etmeklige niýetlenilendir.