«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 271-nji belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 665 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4518 — 4333 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi 105 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde tebigy gazyň ýokary basyşly, senagat ähmiýetli akymy alyndy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli energetika syýasaty netijesinde bu gün ýurdumyzyň nebitgaz pudagy ýokary depginler bilen ösýär, özgerýär.