Nebitgazçy uçurymlara diplom gowşuryldy

Nebitgazçy uçurymlara diplom gowşuryldy

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebimizde uçurymlarymyza diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabarada çykyş eden mekdebimiziň baýry mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekligiň, ylym-bilime höwesini artdyrmaklygyň hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýandygyny nygtamak bilen, uçurymlara ak ýol arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz öz çykyşlarynda ylym-bilimi ösdürmek, ýaşlaryň watansöýüji, kämil hünärmenler bolmalydygy barada aýratyn belleýär. Bu ugurdan möhüm resminamalar kabul edilip, uly işler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň ýaşlar hakynda edýän taýsyz tagallalary watandaşlarymyzyň her birini buýsandyrýar. Munuň özi bilim işgärleri üçin hem aýdyň ýörelgedir, nusgalyk mekdepdir. Şeýle asylly ýörelgelere eýerip, ýaşlary watansöýüji, ylym-bilimli, öz işine ökde hünärmenler edip ýetişdirmek biziň jana-jan borjumyzdyr.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993