Nebitgazçy uçurymlara diplom gowşuryldy

Nebitgazçy uçurymlara diplom gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23-nji iýunynda «Hukuk namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 30-njy maddasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tölegli esasda tamamlan talyplara iki ýyllyk hökmany zähmet tejribesi bolmazdan, diplom bermek babatda gol çeken degişli Kararynyň esasynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hem uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.

6-njy iýulda geçirilen dabaraly çärede bu okuw mekdebiniň direktory Şamyrat Hydyrow çykyş edip, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýaş hünärmenleri boljak bu uçurymlaryň, hakykatdan-da, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlardygyny, muňa şu günki diplom gowşurylyş dabarasynyň hem şaýatlyk edýändigini belläp geçdi.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993