Talyplar önümçilik tejribesini özleşdirýärler

Talyplar önümçilik tejribesini özleşdirýärler

Ajaýyp döwrümizde biziň orta hünär okuw mekdebimizde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Talyplarymyz owadan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binada bilim alýarlar.

Talyp ýaşlarymyz nazaryýetde alan bilimlerini barlaghanalarda tejribe geçmek, şeýle-de «Türkmengaz» döwlet konsernine degişli edara- kärhanalarda önümçilik tejribeligini geçmek bilen özleşdirýärler. Häzirki wagtda bu ýerde «Maglumat ulgamlary», «Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy», «Senagat enjamlaryny gurnamak we tehniki taýdan ulanmak», «Maşyngurluşygyň tehnologiýasy» hünärlerinde bilim alýan talyplarymyz okuw we önümçilik tejribesini üstünlikli geçýärler. «Elektroenergetiki ulgamlaryň awtomatizasiýasy we rele goragy» hünärinde önümçilik tejribesini geçýän geljekki hünärmenler tejribeligiň dowamynda transformatoryň wezipesi, işleýiş düzgüni, naprýaženiýanyň sazlanyşy, üýtgeýşi, elektrik maşynlary: generator, sinhron, asinhron hereketlendirijileriň işleýiş düzgüni, gurluşy, magnit hadysalary, mehaniki häsiýetnamasy we beýlekiler bilen tanyşýarlar. Talyplarymyz häzirki wagtda Gün energiýasyndan elektrik energiýasyny öndürmegiň inçe syrlaryny öwrenýärler. Okuw mekdebimiziň barlaghanalary döwrebap tehnikalaryň we enjamlaryň ähli görnüşleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu mümkinçilikler talyplarymyzyň dünýäniň bilim ulgamynyň ösüşi bilen deň gadam urmagyna ýardam edýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993