«Mawy ýangyjyň» halkara hil derejesinde akdyrylmagy gazanylýar

«Mawy ýangyjyň» halkara hil derejesinde akdyrylmagy gazanylýar

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat-Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Derýalyk» önümçilik edarasynyň gazçylary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir aýyny ýokary zähmet netijelerine beslemek bilen, bu ugur boýunça daşary bazarlara çykarylýan «mawy ýangyjyň» halkara hil derejesinde bökdençsiz akmagyny gazanýarlar. Bu edara «Döwletabat-Derýalyk» halkara gaz magistralynyň demirgazykda ýerleşýän iň soňky gaz gysyjy desgasydyr. Bu ýere ýurdumyzyň günorta böleginde ýerleşýän gaz känlerinden öndürilýän tebigy gaz arassalanan we güýçlendirilen görnüşinde «Şatlyk», «Garagum», «Çöllük», «Ýylanly» ýaly, onuň gündogar-günortasynda ýerleşýän önümçilik edaralarynyň üstünden üstaşyr akdyrylyp ýetirilýär hem-de gaýtadan işlenip, arassalanyp, guradylyp, ýokary hil derejesinde daşary bazarlara ugradylýar.

Üç iş çalşygynda, gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işleýän toplumda üç ýüz elliden gowrak dürli derejeli işçi-hünärmenleriň agzybirlikde zähmet çekýändigini edaranyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Baýnazarow biziň bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Onuň gürrüňlerine görä, edaranyň aýba-aý iş tabşyryklaryny talabalaýyk amal etmeginde gaz gysyjy gullugyň uly dispetçeri Ilmyrat Saparmedow, dispetçer Atageldi Ilmyradow, gullugyň maşinisti Tirkeş Kakajanow, slesarlar Sapardurdy Haljanow, Hakmyrat Mämenow, edaranyň elektrosuw üpjünçiligi gullugynyň işçi-hünärmenleri Muhammetberdi Taganow, Durdymyrat Hydyrow, elektrohimiýa gorag gullugynyň işgäri Sapardurdy Mätgurbanow dagynyň hem-de elektrik ussalary Allamyrat Darhanbaýew we Baýramdurdy Hojagulyýew ýaly işçi-hünärmenleriň her biriniň öz saldamly paýy bar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993