«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşigiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň çäginde ýerleşýän «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasyndaky kuwwatly gaz gysyjy desga türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2010-njy ýylyň 27-nji sentýabrynda açylyp işe girizildi. Bu döwrebap desgada ýaşlar üçin köp sanly iş orunlary döredi. Häzir tejribeli hünärmen Weldurdy Weldurdyýewiň ýolbaşçylygyndaky «Bagtyýarlyk» önümçilik meýdançasynda gazçy hünärmenleriň hem-de işçileriň üç ýüzden köprägi zähmet çekýär.
Üçajy hem-de Malaý gaz känlerinden çykarylýan «mawy ýangyç», Döwletabat — Derýalyk baş gaz geçirijisiniň Garagum önümçilik edarasyndan ugradylýan tebigy gaz Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijileri arkaly şu gaz gysyjy desgasyna akdyrylýar we bu ýerde gaýtadan işlenilýär.