Halkymyz maşgala ojagynyň alawly bolmagyna ýaşaýşyň abadanlygynyň, durmuşyň eşrete beslenmeginiň esasy şertleriniň biri hökmünde garaýar. Ilimize şeýle bagtyýarlyk ýurt garaşsyzlygy ýyllarynda doly elýeterli boldy. Ilatly ýerleri gazlaşdyrmak bilen bagly iri maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň gyrak-çetlerindäki obalaryň ýaşaýjylarynyň ojaklarynda hem «mawy ýangyç» alawlap başlady. Şeýle mümkinçilikden Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň bagtyýar ýaşaýjylary hem bökdençsiz peýdalanýarlar.
— Etrabymyz boýunça tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany 15 müňden hem aşýar. Olaryň amatly ýangyç bilen kadaly üpjün edilmegi ugrunda dürli hünärli işgärlerimiziň 110-dan gowragy tutanýerli zähmet çekýär. Olar umumy uzynlygy 803 kilometrden gowrak bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň 404-siniň abat ýagdaýda bolmagyny gazanýarlar. Ýakyn geljekde tebigy gazdan peýdalanýan hojalyklaryň sany has artar. Häzirki günlerde etrabymyzyň geňeşlikleriniň üçüsinde täze peýda bolan ilatly ýerlere gaz eltijileri çekmek işleri guramaçylykly dowam edýär — diýip, «Halaçetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň başlygy Yhlas Abdyllaýew işe beletlik bilen gürrüň berýär.