Üstünlige mynasyp goşant

Üstünlige mynasyp goşant

«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny üstünliklere beslemek ugrunda janypkeşlikli zähmet çekýärler. Olaryň birleşen tagallalary ýerine-de düşýär. Baýlyk çykaryjylar tarapyndan üstümizdäki ýylyň tamamlanýan her bir aýy ýokary önümçilik görkezijilerine beslenýär. Şanly ýylyň geçen döwründe lebaply gazçylaryň gazyp alan «mawy ýangyjy» 6 milliard 454,6 million kubmetre golaý boldy. Şonuň netijesinde meýilnama 114 göterimden gowrak berjaý edildi. Geçen döwürde Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin gymmatly çig mal bolup durýan gaz kondensatynyň 24 müň tonna golaýy öndürilip, bu baradaky meýilnama hem artygy bilen ýerine ýetirildi. Şeýle oňyn netijeleriň gazanylmagynda müdirligiň Naýyp liniýa önümçilik böleginiň gaz kondensatyny saklaýan we ýükleýän sehiniň başarjaň hünärmenleriniň mynasyp goşandy bar.

— Biz Naýyp gaz käninden sehimize gelip gowuşýan çig maly talabalaýyk saklamak we ýüklemek bilen baglanyşykly işleri bökdençsiz ýerine ýetirýäris. Bölümimizde dürli hünärli işgärleriň 34-si bolup, olaryň her biri wezipe borjunyň belentliginde bolmagy başarýar. Şonuň netijesinde önümçilik meýilnamalarymyzy aýba-aý üstünlikli berjaý edýäris — diýip, sehiň başlygy Arslan Berdinýazow gürrüň berýär.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993