Institutyň durky döwrebaplaşdyrylan binasy we täze ýaşaýyş jaýlary dabaraly açyldy

Institutyň durky döwrebaplaşdyrylan binasy we täze ýaşaýyş jaýlary dabaraly açyldy

Balkan welaýatynda üstünlikli amala aşyrylýan taslamalar, alnyp barylýan dürli maksatly gurluşyklar, öňden bar bolan ymaratlaryň durkunyň döwrebaplaşdyrylmagy bu sebitiň ýurdumyzyň möhüm künjegine öwrülmegine giň ýol açýar. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabatdaky «Nebitgazylmytaslama» institutynyň durky döwrebaplaşdyrylan iki gatly binasynyň dabaraly ýagdaýda işe girizilmegi hem muňa doly şaýatlyk edýär.

Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan çykyşlarda nygtalyşy ýaly, ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynyň depginli ösüşini üpjün etmekde we bu binýatlyk ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmakda amala aşyrylýan giň möçberli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Döredilenine 75 ýyla barabar wagt bolan bu ylym ojagynda häzirki wagtda Günbatar Türkmen çöketliginde we eziz Diýarymyzyň gündogar sebitlerinde çylşyrymly hem-de adatdan daşary kyn dag-geologik şertli kesimlerde gözleg-barlag işleriniň, çuň guýulary burawlamagyň taslamalaryny düzmek, gurluşyk işlerine ylmy-inženerçilik gözegçiligi alyp barmak bilen, olaryň tehniki-tehnologik meselelerini çözmek we buraw erginleriniň oňaýly düzümini saýlamak, täze ýataklary işläp geçmegiň taslamalaryny we tehnologik shemalaryny düzmek, önümli gatlaklaryň ulanylyşynyň seljermesini geçirmek, nebit we gaz gorlaryny hasaplap, olaryň ýyllyk balansyny düzmek, «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýyllyk gözleg-barlag buraw işleriniň meýilnamasy üçin ylmy teklip bermek bilen, geologiýa-barlag işleriniň geçirilişini hem-de netijeliligini seljermek üstünlikli amala aşyrylýar.

Makala diňe abunaçylar üçin niýetlenen

Habaryň dowamyny okamak üçin

Abuna ýazyl
Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993