SOCAR we BOTAS Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä türkmen gazyny ibermek hakynda ylalaşyga gol çekdiler

13:07 05.06.2024 5921

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/11098/original-16660320cb0fc7.jpg

Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasy (SOCAR) we BOTAS türk kompaniýasy tebigy gazy satyn almak, ibermek we üstaşyr geçirmek hakynda birnäçe şertnamalara gol çekdiler diýip, Azertag habar berýär.

Gol çekmek dabarasyna Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri, SOCAR-yň gözegçilik geňeşiniň başlygy Mikail Jabbarow we Türkiýäniň energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar gatnaşdy.

Ylalaşyk SOCAR-yň üsti bilen Türkiýä tebigy gazy ibermekligi we Türkiýäniň üsti bilen Bolgariýa azerbaýjan gazyny ýetirmekligi, Nahçywana gaz ibermek ulgamynda hyzmatdaşlygy, şeýle hem Azerbaýjanyň üsti bilen Türkiýä we üçünji ýurtlara türkmen gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar. 

Şeýle hem Azerbaýjanyň gaz üpjünçilik kompaniýasy bilen BOTAS-y arasynda “Şah-Deňiz” käninden Türkiýä gaz ibermekligi dowam etmekligi göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekildi.

Başga makalalar
164fb18873cab6.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

7-nji sentýabrda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi.


164ff440cd8172.jpg
«Galkynyş» gaz käninde tebigy gazyň senagat ähmiýetli akymy alyndy

Täzelikde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 238-nji belgili ulanyş guýusynda buraw işleriniň 4 müň 557 metr çuňlukda ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4496-4214 metr aralykdaky gatlaklarda jemi 189 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat ähmiýetli gaz akymy alyndy.


164febbfae5b59.jpg
Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň 8 aýynyň jemleri jemlenildi

Geçen anna güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine şu ýylyň sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gündelik wezipeleri hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalary bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


164ff58b0c3594.jpg
Nebitgaz toplumynda sekiz aýyň jemlerine garaldy

11-nji sentýabrda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň geçen sekiz aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


164fac18f6be8b.jpg
OGT-2023 Halkara maslahatynyň we sergisiniň täze hyzmatdaşlary we gatnaşyjylary belli boldy

25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek OGT-2023 Halkara maslahatyna we sergisine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Geçiriljek çäreler üçin 20 ýurtdan 150-den gowrak wekil bellige alyndy. Bu barada guramaçylar habar berýär.