Hytaýyň “Internasional Ltd.” Milli Nebitgaz Korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy “Bagtyýarlyk” Şertnamalaýyn çäkde “B” Blogyň Günbatar we Gündogar böleginiň 4-nji, 5-nji Şäherçeleriniň çylşyrymly enjamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we abatlamak üçin hyzmatlar” barada №. CIT-26109-SR belgili Tender boýunça kwalifikasiýadan öňki prosesi yglan edýär.
Bu Tendere gatnaşmak üçin gyzyklanma bildirýän islendik kompaniýa
şu resminamalary tabşyryp, tendere gatnaşmak üçin arza berip biler :
1.
Tendere gatnaşmak üçin arza.
2. Kompaniýa hakynda gysgaça
naglumat we onuň alyp barýan esasy işi.
3. Soňky 3 ýylda degişli işler boýunça
toplan tejribesi.
4.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň güwänamasy.
Arza tender barada bildirişiň habar beriş serişdelerinde çap edilen wagtyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda berilmelidir. Şol möhletden giç gelen kwalifikasiýadan öňki resminamalar kabul edilmez.
Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň kwalifikasiýadan öňki resminamalary iňlis we rus dillerinde taýýarlanylmalydyr hem-de çatylan we belgilenen görnüşde berilmelidir. Jebis ýapylan, möhür we ýanhaty (1 sany asyl nusga we 1 sany göçürme hem-de hökmany tertipde resninamanyň doly skanirlenen görnüşi bolmaly) bilen tassyklanan bukjalara salynmaly. Bukjanyň ýüzünde haty ibereniň salgysy, tenderiň belgisi we ady hökman görkezilmeli.
Tendere gatnaşmagyň şertleri we kwalifikasiýadan öňki resminamalar barada anyk maglumatlar aşakdaky salgy boýunça berilýär:
Salgy: Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3, Aşgabat, Türkmenistan
Habarlaşmaly adam: Şasoltan Hasanowa
tel.:
+993-12-44-52-00 (5701)
faks: +993-12-44 50 44