“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy № 2026/50 belgili TENDERI yglan edýär: 30.10.2026 - 19.11.2026

“Tatnebit” APJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy ekipažly awtoýangyç guýujynyň hyzmatlaryny Türkmenistanyň manatlarynda ýerine ýetirmek üçin №2026/50 belgili tenderi yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin Size şular teklip edilýär:
1.     Bäsleşige gatnaşmak islegi barada ygtyýarly adamyň goly çekilen we möhür bilen tassyklanan arzany şahamçanyň ýolbaşçysynyň adyna Bäsdeşiň resmi blankynda e-mail: KhalilulinBS@tatneft.tatar salgysy boýunça elektron poçta  ibermeli. Arzada bäsleşige gatnaşyjynyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alynan ýurdy (ofşor zolaklarda hasaba alynan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär) we rekwizitleri görkezilen bolmaly;
2.     Size arzada görkezilen elektron salgy boýunça tehniki tabşyryk iberiler;
3.      Tender boýunça teklip PDF nusgada elektron faýl görnüşinde, Excel formatda, RAR nusgalarda arhiwleşdirilen bolmaly. Faýllar azyndan 8 nyşandan ybarat bolan parol bilen goralan bolmaly.
4.      Tender boýunça teklip “Nebit-Gaz” gazetinde «www.oilgas.gov.tm» saýtynda tender barada bildirişiň çap edilen wagtyndan 15 (on bäş) günüň dowamynda, 15-nji iş güni  ýerli wagt boýunça 18.00 sagatdan gijä galman iberilmeli. Ýokarda görkezilen möhletden giç gelip gowşan teklipler kabul edilmez.

Takyk maglumaty almak üçin:

Guramaçylyk meseleleri barada  MTO inženerine  +993-65-83-18-99 belgili telefon ýa-  da KhalilulinBS@tatneft.tatar salgy boýunça ýüz tutmaly;

Tehniki meseleler boýunça baş mehanige +993-62-74-18-80 belgili telefon ýa-da KrivilevYD@tatneft.tatar salgy boýunça ýüz tutmaly;

Nebitgaz №43
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№43

2026-njy ýylyň Oktýabr aýynyň 27-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993