«Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisini doldurmak üçin türkmen gazy gerek — bilermen
04.08.22 - 15:59«Günorta gaz geçelgesini» diňe azerbaýjan gazy bilen doldurmak örän kyn, onuň üstüne Türkmenistanyň hem gazy gerek. Bu barada Energetika barlaglarynyň Oksford institutynyň uly ylmy işgäri Julian Bouden belledi diýip, Trend agentligi habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümleri ýerlenildi
02.08.22 - 23:25Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.
Türkmenistanyň känlerinde milli maýa goýumlary özleşdirmek işleri depginli dowam edýär
02.08.22 - 23:26Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitgaz toplumy tarapyndan nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de ýakyn ýyllarda milli maýa goýumlary öz wagtynda özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.
OPEC-iň täze baş sekretary 1-nji awgustdan wezipesine girişýär
02.08.22 - 00:35OPEC-iň täze baş sekretary — Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs 1-nji awgustdan wezipesine girişýär.
Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady
02.08.22 - 00:36Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady, onuň ilkinji tapgyry BAE-den we Owganystandan gelen işewürlere satyldy.
Türkmenistanyň we HHR-niň diplomatlary ulag, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
30.07.22 - 15:18Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeniň arasynda geçirilen duşuşykda taraplar ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Türkmenistan Owganystanyň dikeldilmegine gyzyklanma bildirýär - DIM
28.07.22 - 20:03Türkmenistan Owganystanyň täzeden dikeldilmegine, dünýä ykdysady gatnaşyklaryna goşulmagyna we infrastrukturasynyň ösüşine gyzyklanma bildirýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Daşkentde “Owganystan: howpsuzlyk we ykdysady ösüş” atly halkara maslahatda eden çykyşynda belledi diýip, türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň NGIZ-leri nebitiň gaýtadan işlenilişini 2,6 mln tonna çenli artdyrdy
29.07.22 - 14:10Türkmenistanda birinji ýarym ýylda 2 mln 628 müň tonnadan gowrak nebit gaýtadan işlenildi. Şu döwürde ýurduň NGIZ 2 mln 630 müň tonna çig nebit iberildi diýip, «Нейтральный Туркменистан» gazeti çarşenbe güni belleýär.
Bloomberg: Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiň bahalaryny ýokarlandyryp biler
29.07.22 - 14:11Treýderleriň indiki aýda spot bahalaryň peselmegine garaşýandygyna garamazdan, Saud Arabystany Aziýa üçin nebitiniň bahalaryny sentýabrda ýokarlandyrar. Bu barada Praým agentligi Bloomberge salgylanyp habar berýär. Geljek aýlar nebit bazary üçin aýgytly bolup biler diýip, treýderler hasaplaýar.
Ýewropada gazyň bahasy 1 müň kub metri üçin 2200 dollardan gymmatlady
28.07.22 - 14:04«Demirgazyk akymynda» gaz geçiriji enjamlaryň ýene biriniň hatardan çykmagyna garaşylýan mahalynda, Ýewropada gazyň spot bahasy sişenbe güni agşama çenli, müň kub metrine 2200 dollardan geçdi diýip, Interfaks habar berýär.
API-niň ABŞ-da ätiýaçlyklaryň pese düşýändigi baradaky maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary ýokarlanýar, Brent — 104,58 dollar
28.07.22 - 14:05Amerikanyň nebit institutynyň (API) ABŞ-da ätiýaçlyklaryň birden peselmegini görkezýän maglumatlarynyň esasynda nebitiň bahalary çarşenbe güni az-kem ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.
Owganystan türkmen suwuklandyrylan gazynyň importyny artdyrýar
26.07.22 - 23:15Duşenbe güni owgan habar beriş serişdeleri Türkmenistandan Owganystana suwuklandyrylan gazyň importynyň artandygyny habar berdiler. Neşirlerde bellenilmegine görä, bu barada beýannamany ykdysady toplumyň mejlisinden soň, talibanlaryň wagtlaýyn hökümeti neşir etdi.
Awtobenzin we suwuklandyrylan gaz TDHÇMB-niň söwdalarynyň walýuta geleşikleriniň esasyny düzdi
25.07.22 - 19:31Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 73-si hasaba alyndy. Olaryň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 403 müň dollaryndan gowrak boldy.
Treýderler Ýewropada gazyň ýokary bahalarynyň geljek ýyllarda saklanyp galmagyna garaşýarlar
26.07.22 - 02:38Ýewropada tebigy gazyň bahalary teklibiň az bolmagy netijesinde ýakyn ýyllarda ýokary bolmagynda galar diýip treýderler çaklaýar. Bu barada Interfaks habar berýär.
«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady
23.07.22 - 19:52«Demirgazyk akymy» boýunça ibermeler dikeldilenden soň hem Ýewropada gazyň bahasy arzanlamady. Eýýäm bir hepde bäri bahalar müň kub metrine 1600 dollar derejesinde saklanýar.