Nebit bazarynda birnäçe analitikleriň 2026-njy ýyl üçin çaklaýan artykmaçlyk ýagdaýynyň ýüze çykmagy "diýseň ähtimal", ýöne Shell kompaniýasy uzak möhletli geljekde nebit bahalarynyň ýokarlanmagyna ynanýar diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy Wael Sawan maýa goýujylar üçin geçirilen telekonferensiýada aýtdy diýip, Interfaks habar berýär.
"Dogrusy, 2026-njy ýylda isleg bilen teklibiň arasynda käbir garşylykly ýagdaýlar bolup biler we bazarda artykmaç nebit üpjünçiligi döremegi ähtimal. Soňky bir-iki çärýekde Hytaýyň nebit ammarlarynyň doldurylýandygy we deňizlerde saklanylýan nebit mukdarynyň artandygy hem ýagdaýy belli bir derejede üýtgedýär" diýip, ol belledi.
Sawan şeýle hem häzirki makroykdysady we geosyýasy ýagdaýlaryň bahalaryň ýokarlanmagyna täsir edýändigini aýtdy.
"Gysga we orta möhletleýin geljekde käbir ýeňil bolmajak ýagdaýlaryň bolup biljekdigine ynanýaryn. Emma uzakmöhletleýin nukdaýnazardan biz nebit bahalarynyň hem-de tebigy gazyň (СПГ) bahalarynyň ösmegine berk ynanýarys" diýip, ol nygtady.