Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine
10:02 14.12.2025 99
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda giňden bellenilýän Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Siziň yhlasly we tutanýerli zähmetiňiziň netijesinde ykdysadyýetimiziň nebitgaz pudagynda uly üstünlikler gazanylýar. Pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işler ýurdumyza uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň hataryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýär. Biz bu ugurda halkara derejeli iri taslamalara badalga bermek bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak ugrunda möhüm wezipeleri öňde goýýarys.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary esasynda 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisi işe girizildi. Taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde bellenilmegi özboluşly many-mazmuna eýe boldy. Berkarar Watanymyzy ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmek bilen bagly kabul edilen milli we döwlet maksatnamalarymyza laýyklykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe iri senagat toplumlaryny, gaz geçiriji ulgamlary döretmek, geljegi uly nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek babatda öňde goýlan sepgitlere ýetmek üçin giň gerimli işler alnyp barylýar.
Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini, gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu taslamanyň möhüm böleginiň — Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge ygrarlydygymyzyň nobatdaky mysalyna öwrüldi.
Gadyrly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Türkmen geologlarynyň yhlasly gözlegleriniň netijesinde ýüze çykarylan, ýangyç serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käniniň ýurdumyz hem-de sebit üçin örän uly ykdysady ähmiýeti bar. Bu käniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara ibermegiň gerimini giňeltmekde täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki döwürde türkmen energiýa serişdelerine isleg bildirýän ýurtlaryň sany barha artýar. Dünýä belli kompaniýalar we halkara maliýe düzümleri tarapyndan bu ugurda ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, maýa goýumlary gönükdirmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän, ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny netijeli özleşdirmek babatda amatly maýa goýum gurşawynyň döredilmegi hem özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz senagatynda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Tebigy serişdelere örän baý Diýarymyzda nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu ugurdaky işleriň ýokary depginde alnyp barylýandygyny görkezýär. Nebitgaz ýataklary özleşdirilende, uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň talaplaryny berjaý etmek, şol işleri ýokary ekologik kadalara laýyklykda amala aşyrmak, şeýle-de olaryň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek öňde durýan möhüm wezipelerdir. Nebitgaz pudagynyň we geologiýa işgärleriniň öňdebaryjy dünýä tejribesini özleşdirip, Türkmenistanyň bu ugurdaky borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de mynasyp goşant goşjakdyklaryna berk ynanýaryn.
Hormatly nebitgaz senagaty we geologiýa pudagynyň işgärleri!
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl, eýsem, sebit we dünýä halklarynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem gönükdirmäge çalyşýar. Şoňa görä-de, pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň durmuşa geçirýän bu işlerimiz energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi geljekde hem dowam etdireris.
Hormatly nebitçiler, gazçylar we geologlar!
Sizi hünär baýramyňyz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.
BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan we Gruziýadan gelen işewürler TDHÇMB-niň söwdalarynda ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy.
TNGIZT importyň ornuny tutýan önümleriniň önümçiligini giňeldýär
Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän, importyň ornuny tutýan önümleriň görnüşleriniň giňeldilýändigi barada wise-premýer Şahym Abdrahmanow sişenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.
Mejlisde Ýewroparlamentiň wekilleri bilen duşuşykda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşygynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, energetika we ynsanperwer-medeni ugurlarda özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazarlara nebitgaz toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.
OPEC-iň täze Baş sekretary wezipesine Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisi saýlanyp biler
Dekabr aýynda OPEC-iň ministrleriniň duşuşygynda 2022-nji ýylyň 1-nji awgustyndan OPEC-iň baş sekretary wezipesine bellemek üçin Kuweýtiň wekili Heýsam al-Gaisiniň dalaşgärligi maslahatlaşylar diýip, Kuweýtiň nebit we ýokary bilim ministri Muhammed Abdel Latif al-Fares Abu-Dabidäki ADIPEC-2021 Halkara nebitgaz sergisiniň çäklerinde žurnalistlere habar berdi.