Türkmenistanyň gaz çykarmakda gazanan täze üstünlikleri

13:39 04.01.2026 543

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/16011/original-16958baec4885b.jpg

Türkmenistan täze – 2026-njy ýylyň öňüsyrasynda milli energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde uly üstünlikleri gazandy. «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Marygazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan Galkynyş känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynyň çäginde, 110 belgili ulanyş guýusy 4180 metr çuňluga burawlandy.

Şunda degişli gatlagyň 4149 – 4015 metr açyk sütün aralygynda synag işleri geçirilende bir gije-gündizde senagat taýdan 2 mln kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy.

«Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan kükürtsiz gazyň çykarylyşyny ýokarlandyrmak boýunça kesgitlenen meýilnama laýyklykda, Merkezi Garagum gaz känler toplumynda ýerleşýän Toparjulba gaz käninde 264 belgili ulanyş guýusy 1200 metr çuňluga burawlanyp, aşaky mel döwrüniň apt gatlagynyň 1085 – 1082 metr aralygy özleşdirilende senagat taýdan bir gije-gündizde 300 müň kub metre golaý tebigy gazyň akymy alyndy.

Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan tebigy gazyň we gaz kondensatynyň goşmaça möçberlerini çykarmak, «Galkynyş» gaz känini yzygiderli özleşdirmek ugrunda alnyp barylýan işler ýurdumyzda bu ugry ösdürmek, toplumyň eksport mümkinçiliklerini we önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň oňyn netije berýändigini görkezýär.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ýurdumyzyň energetika syýasaty rowaçlyklara beslenýär.

Başga makalalar
162cfc3741e3bb.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň energetika ministri bilen energetika ulgamynda ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheil Al Mazrui bilen iki ýurduň ykdysadyýetiniň strategiki ugurlary bolup durýan energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdy.


1677b810aba316.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti ykdysadyýeti ösdürmek boýunça 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady

Prezident Serdar Berdimuhamedow ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullady. Iş meýilnamalarynyň taslamalary 3-nji ýanwarda Hökümet mejlisinde hödürlenildi.


162cfba48c3abe.jpeg
Uzynada meýdançasyny özleşdirmek boýunça işler üstünlikli dowam edýär

Çarşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Balkan welaýatyndaky Uzynada meýdançasyny özleşdirmek hem-de onuň çägini giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.


162d130b468ff0.jpeg
Türkmenistan bilen Özbegistanyň haryt dolanyşygy 2021-nji ýylda ABŞ-nyň 902 mln dollaryna ýetdi — Şawkat Mirziýoýew

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 5 esse köpeldi. 2021-nji ýylda bu görkeziji ABŞ-nyň 902 mln dollaryna barabar boldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Daşkentde Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçirilen duşuşygyň jemleri boýunça belledi.


1677be18d75194.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.