Türkmenistanyň we Awstriýanyň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki duşuşyklary geçirmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
15:13 20.01.2026 1795
19-njy ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Awstriýanyň Ýewropa we halkara işleri boýunça federal ministri Beate Maýnl-Raýzingeriň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýtynda habar berilýär.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar BMG, ÝB we ÝHHG ýaly köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler. Şunuň bilen baglylykda diplomatlar şu ýyl iň ýokary we ýokary derejeli duşuşyklary gurnamagyň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Mundan başga-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Birža söwdalarynda daşarky we içerki bazara ýangyç-energetika toplumynyň önümleri ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.
«Günorta gaz geçelgesi» gaz geçirijisini doldurmak üçin türkmen gazy gerek — bilermen
«Günorta gaz geçelgesini» diňe azerbaýjan gazy bilen doldurmak örän kyn, onuň üstüne Türkmenistanyň hem gazy gerek. Bu barada Energetika barlaglarynyň Oksford institutynyň uly ylmy işgäri Julian Bouden belledi diýip, Trend agentligi habar berýär.
Iş topary «Hazar deňzi – Gara deňiz» ulag geçelgesi boýunça hökümetara Ylalaşygynyň taslamasyny maslahatlaşdy
10-njy fewralda «Hazar deňzi – Gara deňiz» halkara üstaşyr we ulag geçelgesini döretmek we durmuşa geçirmek hakynda hökümetara Ylalaşygyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Türkmenistan we Awstriýa hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýar
11-nji fewralda Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen Türkmenistanyň we Awstriýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmelerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy diýip, ýurdumyzyň DIM-nde habar berdiler.
Türkmenistanyň wekiliýeti Tähranda nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşýar
11-nji fewralda Tährana iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti ýangyç-energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe duşuşyklary geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.