«Türkmengaz» we «Türkmennebit» DK-lary «BASF Intertrade AG» kompaniýasy bilen özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmäge taýýar
11:01 25.02.2026 256
23-nji fewralda Aşgabatda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň ýolbaşçylarynyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň «BASF Group» konserniniň Şweýsariýa Konfederasiýasynda ýerleşýän «BASF Intertrade AG» kompaniýasynyň biznesi ösdürmek boýunça ýolbaşçysy W. Nikitin bilen duşuşygy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny we nebitgaz pudagyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Taraplar öň gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişini we häzirki ýagdaýy gözden geçirdiler. Özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça täze teklipler öňe sürüldi. Bu teklipleriň öwrenilmeginiň ýakyn geljekdäki meýilnamalary amala aşyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
«BASF» kompaniýasy Türkmenistandaky sebitleýin taslamalara işjeň gatnaşýar. Mysal üçin, kompaniýanyň gazy arassalaýjy enjamlary Gyýanlydaky täze polimer zawodynyň toplumy üçin saýlanyp alyndy. Gerek bolan ýagdaýynda kompaniýa tehniki goldaw bermäge we geňeşçilik hyzmatlaryny amala aşyrmaga taýýardygyny bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň maksadalaýykdygy barada pikir alyşdylar.
CNPC — OGT-2022 halkara forumynyň baş hyzmatdaşy
«CNPC» kompaniýasy 26-28-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maslahatynyň esasy hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder.
Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
6-njy iýunda geçirilen Türkmenistanyň daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasyndaky wideokonferensiýa görnüşinde duşuşykda nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Nebitgaz toplumynda ýylyň bäş aýynyň jemlerine garaldy
5-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap, sanly ulgam arkaly geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy AÖB-niň wekili bilen täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa Ösüş Bankynyň Merkezi we Günbatar Aziýa boýunça bölüminiň Baş direktory Ýewgeniý Žukow bilen geçiren duşuşygynda täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Aşgabatda TESC 2025 halkara ylmy-amaly maslahaty geçirilýär
5-nji iýunda Aşgabatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda utgaşykly görnüşde «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» (TESC 2025) atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.