Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-da sanly awtomatlaşdyrmakda täze çemeleşmeler maslahatlaşyldy
11:00 26.02.2026 178
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Sazlaşykly awtomatlaşdyrma: netijeliligiň täze tapgyry» diýen tema boýunça umumy okuw geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň ýanyndaky Meýletinçiler merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetiniň ýanyndaky Ýaş telekeçiler merkezi tarapyndan guruldy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler iş amallaryny awtomatlaşdyrmagyň diňe bir iri IT-bölümleriň ýa-da daşary ýurt kompaniýalarynyň artykmaçlygy däldigini bellediler. Iş amallarynyň aýratynlyklaryna gowy düşünýän ýerli hünärmenler hem sanly tehnologiýalary üstünlikli ornaşdyrmaga ukyplydyrlar. Bu bolsa işleriň has netijeli, takyk we çalt guralmagyna ýardam edýär.
Awtomatlaşdyrma işgärleriň ornuny tutmak üçin däl-de, eýsem olaryň işini goldamak, wagty tygşytlamak we öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin niýetlenendir.
Çäräniň ahyrynda geçirilen sowal-jogap sessiýasy mazmunly çekişmelere beslendi diýlip, turkmennebit.gov.tm saýtynda habar berilýär.
Geljegiň arassa energetikasyny emele getirmekde Türkmenistanyň mümkinçilikleri Brýusselde hödürlenildi
Sişenbe güni Brýusselde geçirilen «Merkezi Aziýa üçin arassa energiýanyň geljegi» atly maslahatda arassa energetikany emele getirmekde Türkmenistanyň baý tejribesi hödürlenildi. Bu tema boýunça Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow çykyş etdi.
«Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly» atly kitabyň tanyşdyrylyşy geçirildi
6-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Yslam ösüş bankynyň ilkinji prezidenti Ahmad Mohamed Ali Al-Madani tarapyndan sowgat berlen “Yslam Ösüş Banky we Doktor Ahmad Mohammad Ali. Institutyň taryhy we onuň Prezidentiniň ýoly” atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Türkmenistan we Beýik Britaniýa ileri tutulýan ugurlarda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýar
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, arkalaşyk we ösüş ministriniň parlament orunbasary Leo Doherti bilen geçiren gepleşiklerinde ikitaraplaýyn gün tertbiniň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
OPEK-iň baş sekretary nebit çykarylyşyny azaltmak boýunça ýakynda kabul edilen kararyň dogrulygyna ynanýar
OPEK+ ýakynda nebit çykarylyşyny azaltmak hakynda kabul edilen karara bazaryň ýeterlik derejede üns bermändigine alada galmaýar diýip, OPEK-iň baş sekretary Haýsam al-Gaýs Wenada Guramanyň 8-nji Halkara seminarynda belledi diýip, Interfaks habar berýär.
Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.