Prezident “Türkmengaz” DK-nyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça teklibi goldady

11:18 28.02.2026 101

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/16404/original-169a27a85be120.jpg

27-nji fewralda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi. Bu barada TDH habar berýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan degişli infrastruktura taslamasyny durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Nygtalyşy ýaly, türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we ugurlaryny giňeltmek boýunça zerur işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen tebigy gazynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, harytlyk gazyň ätiýaçlyk gorlaryny döretmek boýunça işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany “Türkmengaz” döwlet konserniniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen bagly taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Başga makalalar
167a5a9a90effd.jpg
Aşgabatda COP29 maslahatynyň esasy netijeleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda COP29 – BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Konferensiýasynyň netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi. Onda Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ilçisi Gismet Gezalow 2024-nji ýylyň noýabr aýynda Bakuwda geçirilen konferensiýanyň esasy jemlerini beýan etdi.


162e77c3837c2a.jpeg
Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady

Türkmenistan EURO-5 we EURO-6 ülňülerine laýyk gelýän A-98 awtobenzinini eksport edip başlady, onuň ilkinji tapgyry BAE-den we Owganystandan gelen işewürlere satyldy.


162e7a34a02e3a.jpeg
OPEC-iň täze baş sekretary 1-nji awgustdan wezipesine girişýär

OPEC-iň täze baş sekretary — Kuweýtiň wekili Haýsam al-Gaýs 1-nji awgustdan wezipesine girişýär.


162e8c606011ad.jpeg
TDHÇMB-niň söwdalarynda nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümleri ýerlenildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.


167a5e09f8895e.jpg
TEIF 2025 Türkmenistanyň energetika we senagat toplumlaryna täze maýa goýum mümkinçiliklerini açýar

Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça Halkara forumyna (TEIF 2025) taýýarlyk ýokary derejede dowam edýär. Forum 2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriler. Ýokary derejeli çykyşlar, panelleýin geňeşmeler we uly işewürlik mümkinçilikleri boljak bu forum halkara maýa goýumlaryny we strategik hyzmatdaşlygy ilerletmek üçin möhüm platforma öwrüler.