Türkmenistanyň gazçylary “mawy ýangyjyň” bökdençsiz iberilmegini üpjün edýär
10:54 17.03.2026 432
«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdiriýetiniň işgärleri 2026-njy ýylda umumy uzynlygy 3,9 müň kilometrden gowrak bolan ýokary basyşly magistral gaz geçirijileri arkaly tebigy gazyň bökdençsiz daşalmagyny dowam etdirýärler. Olaryň netijeli zähmeti Mary we Lebap welaýatlarynyň ilatyny hem-de kärhanalaryny gaz bilen ygtybarly üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Müdiriýetiň hünärmenleri 93 sany gaz paýlaýjy bekediň we 14 sany kadalaşdyryjy desganyň işine yzygiderli gözegçilik edip, tehnologik talaplaryň berjaý edilmegine we tebigy gazyň dogry ugradylmagyna göz ýetirýärler. Geçen ýylyň dowamynda ulgam arkaly içerki we daşarky sarp edijilere 42 milliard kub metrden gowrak gaz ugradyldy.
№1 we №2 gulluklara degişli bolan gaz paýlaýjy beketlerde döwrebap ölçeg, kadalaşdyryş we arassalaýyş desgalary gurnaldy. Ýangyç üpjünçiliginde bökdençlikleriň öňüni almak üçin magistral gaz geçirijilerinde yzygiderli öňüni alyş işleri we düýpli abatlaýyş geçirilýär. Hususan-da, 2025-nji ýylda Sakar — Atamyrat we Zerger — Sakar magistral gaz geçirijilerinde könelen turbalar täzeleri bilen çalşyryldy, kebşirleýiş we beýleki dikeldiş işleri ýerine ýetirildi.
Şeýle-de, müdiriýetiň desgalarynda, şol sanda gazy daşary bazarlara eksport etmegi üpjün edýän «Garagum» we «Şatlyk» gaz gysyjy beketlerinde uly göwrümli abatlaýyş işleri geçirildi. «Şatlyk — Garagum» gaz geçirijisiniň birinji ugrunyň 13,7 kilometrlik böleginde düýpli abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Häzirki wagtda ugruň agramly böleginde täze turbalar goýuldy we gurluşyk işleri hereket edýän gaz geçirijisine doly birikdirilýänçä dowam etdirilýär.
Sarp edijileri gaz bilen üpjün etmekde Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesindäki «Döwrebap» bekediniň hünärmenleriniň hem uly goşandy bar. Operatorlar gije-gündizleýin ýangyç akymyna gözegçilik edip, sebitiň kiçi we orta kärhanalarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler.
«Gündogargazakdyryş» müdiriýetiniň başlygy Baýramgeldi Ataýewiň belleýşi ýaly, gazçylaryň ähli tagallalary Türkmenistanyň Prezidentiniň tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak we ony içerki hem-de daşarky sarp edijilere bökdençsiz ýetirmek barada goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin Gazagystana ugrady
Şu gün, 17-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady diýip, TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy 2025-nji ýylda hyzmatdaşlygyň ugurlaryny maslahatlaşdylar
28-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
“Galkynyş” käninde nobatdaky gaz guýusy ulanyşa girizildi
"Türkmengaz" döwlet konserni "Galkynyş" ägirt uly gaz känini tapgyrlaýyn özleşdirmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýar. Käniň häzirki ulanyş tapgyrynyň çäklerinde "Marygazçykaryş" müdirliginiň buýrugy esasynda "Türkmengazburawlaýyş" müdirligi tarapyndan 4000 metrden gowrak çuňlukda ýerleşýän №264 guýusy burawlandy.
Fitch ýakyn ýyllar üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy
Fitch Ratings halkara reýting agentligi ýakyn wagt üçin nebitiň bahalary boýunça çaklamasyny ýokarlandyrdy. Muňa Global Economic Outlook-yň (GEO) dekabrdaky hasabaty şaýatlyk edýär diýip, Interfaks habar berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
Taryhyň ýene-de bir ýyly tamamlanyp barýar. 2024-nji ýyl ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Munuň özi türkmen halkynyň akyldar şahyryna goýýan uly hormatyndan nyşandyr.