Hökümetiň göçme mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň Lebap welaýatyndaky kärhanalarynyň işi maslahatlaşyldy
22:31 11.04.2026 102
10-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Lebap welaýatynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Lebap welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Hususan-da, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly ýetirmek üçin dürli basyşly gaz geçirijilere, gaz paýlaýjy beketlere, gaz sazlaýjy enjamlara netijeli hyzmat edilýär.
Ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak, ýerasty suwlaryň gorlaryny artdyrmak maksady bilen, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň gidrogeologlary tarapyndan Lebap welaýatynyň çäklerinde buraw işleri giň gerimde alnyp barylýar.
Bulardan başga-da, “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägini, “Malaý”, “Naýyp”, “Kükürtli”, “Balguýy”, “Gazojak”, “Kerpiçli”, “Bagaja” gaz känlerini senagat taýdan özleşdirmek, içerki sarp edijileri we eksport ugurlaryny tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Welaýatyň çäginde ýerleşýän Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň, “Bagajadaky”, “Naýypdaky” suwuklandyrylan gazy öndürýän desgalaryň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak babatda zerur işler alnyp barylýar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmagy dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Döwlet Baştutany wise-premýere häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyryp, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň işini yzygiderli kämilleşdirmegi, buraw işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, gaz çykarylýan guýularda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegi tabşyrdy.
TDHÇMB-niň söwdalarynda daşarky bazara suwuklandyrylan gaz we awiakerosin, içerki bazara polipropilen we binýatlyk ýag ýerlenildi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.
«Awazada» deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag boýunça maslahaty öz işine başlady
15-nji awgustda irden «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongressler merkezinde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahaty öz işine başlady.
Hökümetiň göçme mejlisinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýanwar-iýul aýy boýunça işleriniň netijeleri jemlendi
Geçen anna güni, 12-nji awgustda Hazar deňziniň kenarynda zähmet rugsadynda bolýan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzda şu ýylyň ýedi aýynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de käbir meselelere garaldy. Mejlisiň barşynda wise-premýer Ş.Abdrahmanow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň DIM-nde Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň işi maslahatlaşyldy
23-nji fewralda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 63-nji mejlisi geçirildi. Mejlise degişli wise-premýerler, Hazar deňzi institutynyň direktory, şeýle hem ugurdaş ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahat geçirildi
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Türkmengaz» DK-nyň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda maslahat geçirildi. «2024-nji ýylda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalarynda zähmeti goramaklygyň, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişi we 2025-nji ýylyň wezipeleri» atly seminara korporasiýanyň jogapkär işgärleri, inženerleri, tehniki howpsuzlyk, zähmeti goramak boýunça hünärmenleri gatnaşdylar.