Aşgabatda Türkmen-hytaý işewürler sergisi açyldy
13:18 29.04.2026 70
28-nji aprelde paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-hytaý işewürler forumy we sergisi öz işine başlady. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde, harytlaryň eksportyny artdyrmakda, hytaý kompaniýalary hem-de maýadarlary bilen işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmekde, daşary ýurt maýa goýumlaryny milli ykdysadyýetimize giňden çekmekde bu forumyň ähmiýeti örän uludyr.
Iri möçberli çäre dostlukly döwletiň işewür toparlarynyň 200-den gowrak wekilini türkmen paýtagtyna jemledi. Olaryň arasynda ýurdumyz bilen öňden bäri işleşip gelýän, harytlary alyjylara giňden belli bolan hyzmatdaşlar-da, şeýle hem işjeň gatnaşyklary ýola goýup, geljegi uly türkmen bazarynda orun almagy maksat edinýän işewürler hem bar.
Forumyň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary döwletleriň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Hemmeler Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda özara hormat goýmak, dostluk we birek-biregiň bähbitlerini nazara almak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary dürli ugurlar boýunça giňden ösdürilýär. Iki dostlukly döwletiň strategik hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarylýar. Döwlet Baştutany ak mermerli paýtagtymyzda geçirilýän forumyň we serginiň iki ýurduň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolmak bilen, ylmy-tehniki, ýokary tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini açyp görkezmekde, häzirki zaman innowasiýalaryny, öňdebaryjy tejribäni alyşmakda netijeli boljakdygyna berk ynam bildirdi.
Soňra ähli gatnaşyjylar serginiň geçirilýän ýerine geldiler. Bu ýerde soňky ýyllarda depginli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryna bagyşlanan wideoşekiller görkezildi. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýatlaýyn ugry bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýanyň gatnaşmagynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyrynda ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurmak we ulanyş guýularyny burawlamak işlerine dabaraly ýagdaýda badalga berilmegi bu möhüm ugurda ýurtlarymyzyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge berk ygrarlydyklarynyň nobatdaky nyşanyna öwrüldi.
Gözden geçirilişiň çäklerinde ýörite gurnalan zolakda sergä gatnaşyjy kompaniýalaryň öňdebaryjy tejribeleriniň we önümleriniň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Olaryň gazananlary senagat we innowasiýalar ýoly bilen ynamly öňe barýan Watanymyzyň önüm öndürijileri hem-de işewürleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açýar.
Serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika, söwda, maliýe we ykdysadyýet, oba hojalyk, gurluşyk, ulag-aragatnaşyk toplumlarynyň, ugurdaş ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň iri hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklarda taraplar gyzyklanma bildirilýän ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Türkmenistanyň we Hytaýyň özara söwdany mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bar bolan ugurlary serginiň ikinji gününiň çäklerinde geçiriljek Türkmen-hytaý işewürler forumynyň dowamynda giňişleýin ara alnyp maslahatlaşylar. Iki döwletiň arasyndaky mizemez dostlugyň we hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşanyna öwrüljek halkara forum we sergi 30-njy aprelde öz işini tamamlar.
Türkmenistan maý aýynda Hytaýa gaz ibermelerini artdyrdy
Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistan Hytaýa 2,73 mlrd kub metr tebigy gaz eksport etdi. bu 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 5% artykdyr. Bu barada Interfaks HHR-iň Gümrük gullugyna salgylanyp habar berýär.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Türkmen-mongol gepleşikleriniň netijeleri boýunça hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekildi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň netijeleri boýunça iki döwletiň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Bilelikdäki Beýannama hem-de 14 sany gol çekildi diýip, TDH habar berýär.
Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler
29-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
Penşenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH agentligi habar berýär.