Hökümet mejlisinde Balkan welaýatynyň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça çäreler maslahatlaşyldy
17:16 09.05.2026 466
8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde Balkan welaýatynda alnyp barylýan işler, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda, Balkan welaýatynda hem nebitgaz toplumy tarapyndan zerur işler amala aşyrylýar. Sebitiň çäginde ýerleşýän “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, “Kenar” toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynyň, nebit we nebit önümleri guýulýan gämi duralgalarynyň kuwwatlyklaryny netijeli peýdalanmak babatda işler depginli alnyp barylýar.
Bulardan başga-da, türkmen geologlary we nebitgazçylary tarapyndan welaýatyň çäginde ýerleşýän nebitgaz känlerinde gözleg-barlag işlerini ýerine ýetirmek, senagat taýdan özleşdirmek işi ýerine ýetirilýär.
Ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem iri önümçilik desgalary gurlup ulanmaga berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Balkan welaýatynyň tebigy baýlyklaryny, nebitgaz gorlaryny netijeli ulanmak üçin toplumyň edara-kärhanalarynyň işini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Hazar deňziniň kenarýaka sebitlerinde geologiýa-gözleg işlerini netijeli alyp barmagyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň wajypdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze “Kenar” sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Karara gol çekip, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.
Nebitgaz toplumynyň önümleri birža söwdalarynda öňdeligi eýeledi
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.
Türkmenistan bilen ABŞ-nyň kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi maslahatlaşyldy
8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan – ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
GDA-nyň Synçylar wekilligi Türkmenistanda Prezident saýlawlaryna taýýarlyga syn etmek boýunça öz işine başlady
Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
BAE Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy
Birleşen Arap Emirlikleri Hindistan, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan döredilen Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy. Bu barada BAE-niň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Suheýl al-Mazrui habar berdi diýip, TASS ýetirýär.