Türkmenistanyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylary strategik hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
08:40 01.06.2026 35
Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hytaý Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň agzasy, HKP MK-nyň Daşary işler boýunça komissiýasynyň kanselýariýasynyň ýolbaşçysy, Hytaý Halk Respublikasynyň daşary işler ministri Wan Iniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.
Taraplar Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň depginli ösüşiniň we özara ynamy pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy nygtaldy.
Şunuň bilen baglylykda, taraplar şu ýylyň mart aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyrylan saparyň hem-de onuň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynyň türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ösüşine goşmaça itergi berendigini bellediler.
Gepleşikleriň dowamynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlyga, aýratyn-da gaz pudagyna aýratyn üns berildi. Şol sanda bilelikdäki taslamalary mundan beýläk ilerletmek we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem söwda-ykdysady, innowasion-tehnologik hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi gözden geçirildi.
Duşuşygyň ahyrynda gazanylan ylalaşyklary amaly taýdan durmuşa geçirmek we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek tassyklanyldy diýip, DIM habar berýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda awiakerosin we karbamid eksport edildi
Duşenbe güni, 29-njy awgustda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 18,1 mln amerikan dollaryna we 416,4 müň türkmen manadyna barabar bolan 7 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT habarlar agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmengaz”, “Türkmennebit” DK-laryň gurluş düzümini kämilleşdirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy
20-nji martda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
GECF-niň Baş sekretary dünýäniň gaz bazarynda Türkmenistanyň ornuny belledi
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny” atly halkara maslahatyna Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň (GECF) Baş sekretary Mohammed Hamel gatnaşdy.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Nowruz güni bilen gutlady
“Eziz watandaşlar! Sizi ýurdumyzda şatlyk-şowhun bilen bellenilýän Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen halkyna gutlagynda aýdylýar.
Iki ýurduň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentiniň Katara resmi saparynyň guramaçylygyny maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Katar Döwletiniň Daşary işler ministri Muhammed ben Abdel Rahman Al Tani bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Katar Döwletine resmi saparynyň gurnalmagynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.