Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar

15:15 02.06.2026 53

https://oilgas.gov.tm/storage/posts/17045/original-16a1ef1b861e96.jpg

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Kemal Durdyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjanyň Baku şäherinde 2026-njy ýylyň 1-3-nji iýuny aralygynda geçirilýän Energiýa hepdeligi (Baku Energy Week) iri energetika çäresine gatnaşýar.

Bu çäre däp bolan nebit-gaz pudagy bilen bir hatarda, ýaşyl energiýa we energiýa howpsuzlygy meselelerini öz içine alýar.

Çäräniň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary K.Durdyýew bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kompaniýasynyň (SOCAR) wise-prezidenti Elşad Nasyrowyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar iki ýurduň arasynda däp bolan energetika hyzmatdaşlygynyň berkidilýändigine ýokary baha berdiler we hyzmatdaşlygyň täze ugurlary babatynda käbir meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşigiň dowamynda taraplaryň bar bolan mümkinçilikleriň hasabyna ikitaraplaýyn özara hereketleriniň dowam etdirilmegine taýýarlygy barada hem aýdylyp geçildi. Gepleşikleriň jemleri boýunça taraplar strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek hem-de amaly gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar.

Başga makalalar
164e44cbfc5fd4.png
TDHÇMB-niň söwdalarynda benzin, awiakerosin we polipropilen öň hatarda boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.


164e47c8753508.jpg
«Türkmengaz» DK-nyň wekilleri Özbegistanyň kärhanalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

«Türkmengaz» döwlet konserniniň wekilleri özbek hyzmatdaşlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen Daşkentde «Tehnopark» kärhanasyna baryp gördüler.


164e45aefa7788.jpg
Türkmenistan ýedi aýda Hytaýa tebigy gaz ibermelerini 10% artdyrdy

2023-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda türkmen tebigy gazynyň Hytaýa eksporty 10% töweregi artdyryldy diýip, daşary ýurt habar beriş serişdeleri HHR-iň Baş gümrük gullugynyň maglumatlaryna salgylanyp habar berýär.


164e5b3ad8266e.jpg
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Merw» futbol topary — AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynda

Türkmen nebitgazçylarynyň hemaýatkärligindäki futbol toparlary diňe bir milli ýaryşlarymyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edýärler. Muny «Türkmengaz» döwlet konserniniň hemaýatkärligindäki «Merw» futbol toparynyň saýlama duşuşyklardan üstünlikli geçip, AFK-nyň kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna goşulmagy hem ähli aýdyňlygy bilen subut edýär.


164e305282f928.jpg
Türkmenistanyň Prezidenti Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy

Ýekşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Budapeştde geçirilýän Ýeňil atletika boýunça dünýä çempionaty, şeýle hem ýurduň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Wengriýa iş saparyny amala aşyrdy.