Türkmenistan we ABŞ nebitgaz, energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýär
10:20 04.06.2026 50
3-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen duşuşyk geçirdi. Ol Aşgabada iş sapary bilen Amerikanyň kompaniýalaryndan düzülen wekiliýetiň ýolbaşçysy hökmünde geldi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar «Türkmenistan - ABŞ» Işewürler geňeşiniň işini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de iki ýurduň döwlet we hususy ulgamlarynyň wekilleri bilen özara gatnaşyklaryň giňeldilmegi üçin netijeli platforma bolup durýandygy nygtaldy.
Duşuşykda Geňeşiň işiniň iki ýurduň arasynda döwletara baglanyşyklaryny pugtalandyrmaga, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan oňyn täsiri aýratyn nygtaldy.
Taraplar ykdysadyýetiň esasy ugurlarynda, şol sanda ulag-logistika, energetika, nebit-gaz senagaty, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassyk etdiler.
Aşgabatda Geňeşiň wekilleri bilen geçirilen tegelek stoluň netijeliligi aýratyn bellenildi. Oňa ona golaý amerikan kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar, şol sanda Climate Compass, John Deere, Westport Trading we beýlekiler bar. Tegelek stolda türkmen tarapyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle-de, şol gün «Türkmenistan – ABŞ» Işewürler geňeşiniň wekilleri Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.
OPEC+ 2022-nji ýylda bazarda nebitiň artykmaçlyk çaklamasyny aşaklatdy — HBS
OPEC+ tehniki monitoring komiteti şu ýylyň netijeleri boýunça bazarda teklibiň artykmaçlyk çaklamasyny öňki 900 müňden günde 400 müň barrele çenli aşaklatdy diýip, Reýter agentligi guramadaky çeşmelerine salgylanyp habar berýär.
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we arzanlama dowam edýär
Nebitiň bahalary awgusty aşaklama bilen tamamladylar we sentýabryň birinji gününde hem aşaklamagyny dowam edýär.
Dünýäde gaza bolan isleg 40 mlrd kub metre çenli azaldy — «Gazpromyň» ýolbaşçysy
Dünýäde gaza bolan isleg şu ýylyň 8 aýynda 40 mlrd kub metre çenli azaldy. Şonuň 30 mlrd-a golaýy ÝB ýurtlarynyň paýyna düşdi, bu dünýä boýunça islegiň peselmeginiň 73%-ine deň boldy diýip, «Gazpromyň» ýolbaşçysy Alekseý Miller habar berdi diýip, Ria Nowosti ýetirýär.
TDHÇMB-niň söwdalarynda BAE-niň we Owganystanyň işewürleri ýangyç-energetika toplumynyň önümlerini satyn aldylar
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.
Watanyň buýsançly zenanlary
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hormatly Prezidentimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ýurt bähbitli, halk ähmiýetli içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini