“Sinopec” korporasiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika toplumy pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşine düýpli goşant goşýar

“Sinopec” korporasiýasy Türkmenistanyň we Hytaýyň ýangyç-energetika toplumy pudagyndaky hyzmatdaşlygynyň ösüşine düýpli goşant goşýar

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin «Sinopec Petroleum Technology Corporation» hytaý nebithimýa korporasiýasynyň Türkmenistandaky şahamçasyna baryp gördi. Diplomat ýurdumyzdaky kärhananyň önümçilik we hojalyk işleri bilen tanyşdy.

Bu kompaniýa Hytaýyň iň iri nebiti gaýtadan işleýän we nebithimýa kompaniýasy bolan «Sinopec Group-yň» ýöriteleşdirilen golçur kompaniýasy bolup durýar. Ol nebit we gaz çykarmak taslamalaryna guýulary burawlamak, tehniki hyzmat etmek we inženerçilik taýdan goldaw bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

Saparyň dowamynda ilçi «Sinopec Petroleum Technology Corporation» kompaniýasynyň türkmen şahamçasynyň türkmen-hytaý energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmäge goşant goşandyna ýokary baha berdi. Ol Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasy bilen utgaşdyrylmagynyň çäginde açylýan taryhy mümkinçiliklerden peýdalanmagyň zerurlygyny belledi.

«Sinopec» hytaý nebithimýa korporasiýasy Türkmenistanda guýularyň önümliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen nebit hyzmat ediş taslamalaryny durmuşa geçirýär hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň desgalarynda we ýurdumyzyň iri ýataklarynda 1 million tonnadan gowrak nebit çykarylmagyny üpjün etdi.

Amala aşyrylýan nebit hyzmat ediş işleriniň hataryna şular girýär: gyşyk ugurly we gorizontal burawlamak, könelen guýy gaznasyny dikeltmek üçin gapdal sütünleri kesip geçmek we hyzmatlaryň beýleki görnüşleri.

Hytaý korporasiýasynyň gatnaşýan taslamalary «Türkmennebit» döwlet konserniniň desgalaryny däl-de, eýsem ýurdumyzda birnäçe iri gaz we nebitgaz ýataklaryny hem öz içine alýar.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993