Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU we Petronas nebitgaz bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU we Petronas nebitgaz bilimi ulgamynda hyzmatdaşlygy berkidýärler

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň, onuň «PETRONAS Carigali (Turkmenistan) Sdn Bhd» şahamçasynyň hem-de PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň wekilleri bilen duşuşyk boldy.

Duşuşygyň dowamynda hereket edýän Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny berkitmek we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, türkmen talyplarynyň 90 töweregi Malaýziýada tomusky önümçilik tejribeligini geçdiler, 14 mugallym Malaýziýanyň tehnologiýa ýokary okuw mekdebinde hünär derejesini ýokarlandyrdy, 200 töweregi talyp bolsa ýöriteleşdirilen sanly ulgam arkaly nebitgaz pudagynyň öňdebaryjy tehnologiýalary boýunça okady.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar bilelikdäki işleriň ugurlaryny giňeltmek barada ylalaşdylar. Aýratyn-da, bilelikdäki ylmy-barlag işleri we halkara ylmy žurnallarda makalalary çap etmek, nebitgaz işi, geologiýa, himiýa tehnologiýalary, sanly ulgamlar ýaly ugurlar boýunça PETRONAS Tehnologiýa uniwersitetiniň professorlarynyň däp bolan we sanly okuw kurslaryny dowam etdirmek, şeýle hem talyplar we ýaş hünärmenler üçin amaly taýýarlyk hem-de tälim alyş maksatnamalaryny ösdürmek meýilleşdirildi. 

Nebitgaz №33
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№33

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 18-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993