“Türkmennebit” DK-da abatlaýyş we elektrogurnama işleriniň gerimi artýar

“Türkmennebit” DK-da abatlaýyş we elektrogurnama işleriniň gerimi artýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrik gurnama işleri müdirliginiň işgärleri 2026-njy ýylyň başyndan bäri Balkan welaýatynyň nebitgaz toplumynyň kärhanalaryna 24 million 406 müň manatdan gowrak möçberde hyzmat edip, meýilnamalaýyn görkezijileri 885 müň 402 manat artdyrdylar.

Bu müdirlik «Türkmennebit» konserniniň kärhanalarynyň enjamlaryny — elektrik geçiriji ulgamlaryny, awtomatik hem-de gözegçilik-ölçeg enjamlaryny, burawlaýyş tehnikasyny we awtoulaglary düýpli abatlamak, sazlamak we synagdan geçirmek, şeýle-de çylşyrymly elektrik ulgamlaryna hyzmat etmek bilen meşgullanýar. Onuň düzüminde merkezi energetika-tehnologiýa gullugy we gözegçilik-ölçeg enjamlaryny abatlamak hem-de ulanmak bölümi, elektrik maşynlaryny we enjamlaryny abatlamak bölümi ýaly 10 bölüm işleýär.

Konserniň we beýleki guramalaryň sargytlary boýunça müdirlik şu ýylyň başyndan bäri jemi 1953 sargydy ýerine ýetirdi. «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawçylary meýilnamalaýyn görkezijileri 104,9 göterim ýerine ýetirdiler. Diňe iýul aýynda müdirligiň hünärmenleri kärhanalaryň 264 sargydyny 4 million 248 müň manatdan gowrak möçberde ýerine ýetirip, bu görkeziji meýilnamanyň 105 göterimini düzdi.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993