Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň mejlisiniň maksatnamasyny ylalaşdylar

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetleriň mejlisiniň maksatnamasyny ylalaşdylar

26-njy awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen komitetiniň başlygy Hiroýuki Subaý bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi diýip, ýurdumyzyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Gepleşikleriň barşynda taraplar geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon we Ýapon-türkmen komitetleriniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen bagly ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň işjeň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gaz-himiýa senagaty, ulag, sirkulýar ykdysadyýet we beýleki ugurlar boýunça taslamalaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada gürrüň edildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça komitetleriniň bilelikdäki mejlisiniň işiniň gün tertibiniň we maksatnamasynyň esasy ugurlary, şeýle-de onuň netijeleri boýunça gol çekilmegi meýilleşdirilýän ikitaraplaýyn resminamalaryň taýýarlyk meseleleri boýunça ylalaşyklar gazanyldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993