Koreýa Respublikasynyň ilçisi TNGIZT-niň ýolbaşçylygy bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

Koreýa Respublikasynyň ilçisi TNGIZT-niň ýolbaşçylygy bilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Wonje Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada TNGIZT-niň saýtynda habar berilýär.

Saparyň çäginde diplomat toplumyň direktory Döwran Çişiýew bilen gepleşikler geçirdi, önümçilik meýdançalarynyň işi bilen içgin tanyşdy we desgada işleýän koreý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Maslahatlaşmalaryň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky nebiti gaýtadan işleýän senagatdaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny, şeýle-de koreý kärhanalarynyň Türkmenistandaky işini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ilçi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam edendigi üçin TNGIZT-niň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi we häzirki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi üçin görkezilýän goldawyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigine umyt bildirdi. Diplomat koreý kompaniýalarynyň TNGIZT-ni döwrebaplaşdyrmaga we tehniki taýdan hyzmat etmäge gatnaşmagynyň giňeljekdigine ynam bildirdi.

Saparyň çäginde ilçi Koryo Shipbuilding Industry Technology (KSIT) we Yuhan Tech kompaniýalarynyň wekilleri bilen aýratyn duşuşyk geçirdi. Onda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi we kompaniýalaryň häzirki işi bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy.

Koreýa Respublikasynyň ilçihanasynyň bilelikdäki taslamalaryň netijeli durmuşa geçirilmegi we koreý işewürliginiň Türkmenistandaky ornunyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin ählitaraplaýyn ýardam bermegini dowam etdirjekdigi nygtaldy.

Nebitgaz №34
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№34

2026-njy ýylyň Awgust aýynyň 25-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993