Ýaponiýanyň kompaniýalary ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Ýaponiýanyň kompaniýalary ýangyç-energetika toplumynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

30-njy awgustda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimitsu Motegi bilen Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýokary we iň ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň uly itergi berýändigi aýratyn bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa amala aşyran saparlarynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga degişli meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Gazhimiýa senagaty, elektroenergetika, ulag we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijeliligi aýratyn bellenildi. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda öňdebaryjy tehnologiýalar we emeli aň görkezildi.

Ýaponiýa tarapyndan Türkmenistanyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmaga gönükdirilen taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirildi. Şunuň bilen baglylykda, «Sumitomo Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «ITOCHU Corporation», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» ýaly birnäçe ýapon kompaniýasynyň Türkmenistanda senagat toplumlarynyň gurluşygyna üstünlikli gatnaşandygy bellenildi.

Şunuň çäklerinde şu ýylyň dowamynda Tokioda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen komitetleriniň bilelikdäki mejlisine taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşikleriň tamamlanmagyndan soň Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2027–2029-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekişlik dabarasy geçirildi.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993