Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň daşary işler ministri ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň daşary işler ministri ýangyç-energetika toplumynda we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň daşary işler ministri Tosimitsu Moteginiň duşuşygynyň netijeleri boýunça döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi diýip, 31-nji awgustda «Neýtralnyý Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Döwlet Baştutanynyň belleşi ýaly, Türkmenistan Aziýa-Ýuwaş ummany sebitinde Ýaponiýa bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Bu hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir, döwletara gepleşikler bolsa deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti, şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda sebitde çäreleri utgaşdyrmagyň netijeli guraly bolup durýan «Aziýa-Ýaponiýa» Dialogynyň çäklerindäki üstünlikli özara hyzmatdaşlygy nygtady. Şunlukda, Serdar Berdimuhamdow 2025-nji ýylda «Aziýa-Ýaponiýa» Dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iş saparyny amala aşyrandygyny, onuň çäklerinde ýokary derejeli gepleşikleriň geçirilendigini we möhüm ylalaşyklara ýetilendigini belledi.

Türkmenistanyň Baştutany söwda-ykdysady ulgamyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Onuň ösüşinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetine uly orun berilýär.

Türkmenistanyň «Itochu Corporation», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» ýaly iri ýapon kompaniýalary bilen gaz pudagynda we himiýa senagatynda köpýyllyk hyzmatdaşlyk tejribesini toplandygyny, olaryň gatnaşmagynda ýurtda iri senagat desgalarynyň gurlandygyny bellemek bilen, Prezident ýapon kompaniýalary üçin bu ugurlarda giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Öz gezeginde, Tosimitsu Motegi Ýaponiýada Türkmenistany ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görýändiklerini we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge uly hormat goýýandyklaryny belledi. Pursatdan peýdalanyp, diplomat Prezident Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza Ýaponiýanyň Imperatory Naruhitodan we Premýer-ministri hanym Sanae Takaitiden gyzgyn salam sözlerini ýetirdi.

Duşuşygyň soňunda söhbetdeşler netijeli döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Nebitgaz №35
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№35

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 1-i

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993