«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik desgalarynda nebit we gaz çykarmak, olary gaýtadan işlemek hem-de ýokary hilli haryt önümleriniň derejesine ýetirmek boýunça işler üstünlikli amala aşyrylýar. Pudagyň kärhanalarynda döwrebap tehnologiýalar we öňdebaryjy enjamlar işjeň ornaşdyrylýar.
Bu möhüm önümçilik prosesleri «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Goturdepenebit» nebitgazçykaryş müdirligine hem gönüden-göni degişlidir. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygyna ynamly barýan müdirligiň zähmet toparlary ýokary öwgä mynasyp netijeleri görkezýär.
2026-njy ýylyň başyndan bäri nebitçileriň yhlasly zähmeti netijesinde baý Goturdepe ýatagyndan 717 müň 240 tonna nebit çig maly çykaryldy. Meýilnama 111,5 göterim ýerine ýetirilip, bu görkeziji tutuş konsern boýunça iň ýokary görkeziji bolup durýar.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, kärhanada önümçiligiň ösüş depgini 105,4 göterim artdy. Ýer gatlaklaryndan çykarylan nebit çig malynyň möçberi meýilnama tabşyrygyndan 74 müň 169 tonna artyk boldy.
Nebitçileriň iş alyp barýan Goturdepe we Demirgazyk Goturdepe ýatagy iň gadymy we iri känleriň hataryna girýär. Häzirki wagtda bu ýatakda «gara altynyň» gije-gündizlik çykarylyşy 3 müň 400 tonnadan geçýär.
Kärhanada işleýän her bir guýa berk tehniki gözegçilik ýola goýlandyr. Geologlaryň netijenamalaryna görä, bu iň gadymy ýatakdaky uglewodorod gorlary häli-de uludyr. Häzirki wagtda «Goturdepenebit» müdirligi çykarylýan çig malyň möçberi boýunça konserniň nebitgazçykaryş müdirlikleriniň arasynda ikinji orny eýeleýär.
Müdirligiň zähmet topary ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny uly zähmet ýeňişleri bilen garşylap, şu ýyly has-da ýokary ykdysady görkezijiler bilen jemlemegi maksat edinýär.