9-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Alena Grandy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada TDH habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Fransiýa Türkmenistanyň Ýewropadaky esasy hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-fransuz gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Ol diňe bir döwletara derejede çäklenmän, eýsem, iki ýurduň hususy pudaklarynyň ugry boýunça hem işjeň ösdürilýär.
Özara ynanyşmagyň gazanylan ýokary derejesi söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek babatda täze gözýetimleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň energetika, ulag-logistika infrastrukturasy, ylym, medeniýet ýaly ugurlarda täze başlangyçlary bilelikde durmuşa geçirmäge taýýardygyny aýtdy.
Fransiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alena Grand Bitarap Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetirmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň bähbidine döwletara hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.