Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyryp, onuň çäklerinde “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşar diýip, TDH habar berýär.
Döwlet saparyna görülýän taýýarlyk işleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow 11-nji sentýabrda Hökümet mejlisinde hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hem ösdürilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýum taslamalarynyň 17-si hasaba alyndy. Bu babatda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen iri taslamalary, şol sanda “Galkynyş” gaz käninde kükürt arassalaýan toplumy, Gyýanly şäherçesindäki polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny we beýleki taslamalary görkezmek bolar. Häzirki wagtda-da öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Döwlet Baştutanynyň saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrjak döwletara, hökümetara we pudagara ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekmek göz öňünde tutulýar. Bu resminamalar ykdysady, maýa goýum, ulag-logistika, himiýa senagaty, infrastruktura, senagat gurluşygy, daşky gurşaw, suw hojalygy, ylym we bilim ýaly ugurlary öz içine alar.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki köptaraplaýyn formatlaryň, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji ýylda koreý tarapynyň başlangyjy bilen iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli forumyň işi daşary işler ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzyň ýakyn hyzmatdaş döwletleriniň biridigini, iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Koreýa Respublikasyna boljak döwlet saparyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” sammitine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.