Lebap welaýatyndäky täze awtoýolda AÝGB-lerde ýokary derejeli hyzmat üpjün edilýär

Lebap welaýatyndäky täze awtoýolda AÝGB-lerde ýokary derejeli hyzmat üpjün edilýär

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň Mary — Türkmenabat böleginiň açylmagy ýolagçy we ýük daşamagyň wagtyny ep-esli gysgaltdy, Ahal, Mary we Lebap welaýatlaryny paýtagt bilen birleşdirdi. Täze ýoluň ugrunda dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap desga ulanmaga berildi.

Awtoýoluň 372-nji kilometrinde «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň (Ýolöten nebit önümleri kärhanasy) № 245 we № 246 belgili awtoulaglara ýangyç guýujy beketleri (AÝGB) hereket edýär.

Bu ýerde dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdyldy. Sürüjiler üçin A-95, A-92, A-80, EKO-93 kysymly benzin, şeýle hem dizel ýangyjy elýeterlidir.

Her bekede 60 tonna göwrümli bäş-bäşden metal rezerwuarlar oturdyldy, bu bolsa bökdençsiz hyzmat etmegi kepillendirýär. Her bir AÝGB gije-gündiziň dowamynda 750-ä çenli awtoulaga hyzmat etmäge ukyplydyr.

Täze AÝGB-ler häzirki zaman ýangyn howpsuzlyk ulgamlary bilen doly üpjün edilen, operatorlar üçin işlemek we dynç almak üçin amatly şertler döredilen, gapdalyndaky çäk bolsa abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga öwrülipdir.

Bu AÝGB-leriň işi sebitiň senagat pudagy üçin strategik ähmiýete eýedir. Beketler «Galkynyş» gaz käninde işleýän ýük we gurluşyk tehnikalaryny yzygiderli ýangyç bilen üpjün edip, tebigy gazyň çykarylyşynyň we daşalyşynyň ýokary depginde alnyp barylmagyna ýardam edýär.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993