Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Ýurdumyzy ykdysady we senagat taýdan ösdürmek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam ederis

23-nji sentýabrda Aşgabatda «Maslahat köşgi» köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda geçirilýän bu umumymilli maslahatyň gün tertibine ata Watanymyzyň halkynyň bagtyýar we abadan ýaşaýşyny üpjün etmek, şeýle hem Türkmenistanyň sosial-ykdysady taýdan mundan beýläk hem ösdürilmegi bilen baglanyşykly möhüm meseleler girizildi.

Halk Maslahatynyň mejlisiniň esasy pursatlarynyň biri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy boldy. Onda Garaşsyz döwletimiziň mundan beýläkki ösüşi babatda geljekki wezipeler kesgitlenildi. Bu ugurdaky esasy wezipeleriň hatarynda döwlet Baştutany nebitgaz toplumynyň işini öňdebaryjy gazananlaryň esasynda döwrebaplaşdyrmagy görkezdi.

«Biz ýurdumyzyň ykdysady we senagat ösüşi boýunça işleri dowam etdireris, çünki sosial-ykdysady strategiýamyzyň esasy maksady şudur», diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

«Esasy wezipeleriň biri nebitgaz toplumynyň işini öňdebaryjy gazananlaryň esasynda döwrebaplaşdyrmakdyr. Uglewodorod serişdelerini çykarmak, gaýtadan işlemek we eksport etmek, şeýle hem täze känleri özleşdirmek boýunça iri taslamalar maksatnamalaýyn esasda durmuşa geçirilýär», diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

«Häzirki wagtda «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Serhetabat – Hyrat ugry boýunça Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisiniň bir bölegini gurmak işleri çalt depginler bilen dowam edýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde täze desgalar gurulýar. Şol bir wagtyň özünde, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodyny döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär», diýip, döwlet Baştutany sözüni dowam etdi.

«Dünýädäki iň iri «mawy ýangyç» känleriniň biri bolan «Galkynyş» känini tapgyrlaýyn özleşdirmek işi hem üstünlikli dowam edýär. Bu iş ýurdumyzyň senagatlaşdyrylmagynyň gerimini ep-esli giňeltmäge we onuň energetika güýji hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga mümkinçilik berýär», diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.

«Şu ýyl Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda «Galkynyş» känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry — ýylda 10 milliard kubmetr harytlyk gaz öndürýän döwrebap zawodyň gurluşygy başlandy. Ýakyn wagtda bu ýerde 1 müňden gowrak täze iş orny dörediler», diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Prezident şeýle uly taslamanyň doly durmuşa geçirilmegi uglewodorodlaryň eksport möçberini artdyrmaga we olaryň ygtybarly eksportyny üpjün etmäge mümkinçilik berjekdigini nygtady. «Umuman, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry, şeýle hem Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda döwrebap şäherçäniň binýadynyň tutulmagy energetika we sosial syýasatyň çäklerindäki iň iri taslamalaryň hataryna girdi».

«Umuman, geçirilýän özgertmeler Türkmenistany öňdebaryjy industrial we ýokary tehnologiýaly önümçilik merkezine öwürmäge gönükdirilendir», diýip, döwlet Baştutany belledi.

«Şu gün Türkmenistan ykdysady taýdan durnukly ösüşi üpjün edýän kuwwatly senagat pudagyna eýe. Ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen, “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” kabul etmeli», diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.

Şol gün Prezident Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasyny” tassyklaýan Karara gol çekdi.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993