«Gamyşlyjanebit» müdirligi nebit çykarylyşynyň depginini artdyrýar

«Gamyşlyjanebit» müdirligi nebit çykarylyşynyň depginini artdyrýar

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gamyşlyjanebit» nebitgaz çykaryş müdirliginiň işgärler topary Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasynda goýlan wezipeleri netijeli ýerine ýetirýärler. Kärhana ýurdumyzyň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga goşan goşandyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna gabatlady.

Balkan welaýatynyň Esenguly etrabyndaky Ekerem, Gamyşlyja, Şatut we Altyguýy ýataklarynda iş alyp barýan müdirlik ýylyň başyndan bäri ýokary görkezijileri gazandy. Meýilleşdirilen 421,1 müň tonna nebite derek iş ýüzünde 461,3 müň tonnadan gowrak «gara altyn» çykaryldy. Şeýlelikde, meýilnamalaýyn borçnamalary 109,5 göterim ýerine ýetirildi.

Kärhananyň nebitçileri häzirki wagtda buraw ussalaryndan kabul edilen iki täze önümli guýyny senagat taýdan özleşdirmek boýunça işleri ýokary depginde alyp barýarlar, bu bolsa çykarylýan nebitiň mukdaryny mundan beýläk-de artdyrmaga kepillik berýär.

Nebitgaz №38
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№38

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 22-si

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993