1–2-nji oktýabrda Aşgabat Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2026-nyň (TIF 2026) geçirilýän ýerine öwrüler. Çärä 45 döwletden 800-den gowrak wekil gatnaşar, olaryň hatarynda Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş bankynyň, Halkara maliýe korporasiýasynyň hem-de Aziýa ösüş bankynyň wekilleri hem bar.
Foruma ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet we işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşar.
Esasy wakalaryň biri hem Najd Gate Holding maýa goýum holdinginiň başlygy Şazada Mansur bin Muhammed Al Saudyň ýolbaşçylygyndaky Saud Arabystanynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň sapary bolar.
Wekiliýetiň düzümine şeýle-de Saud işewürlik geňeşiniň Merkezi Aziýa sebiti boýunça başlygy Ahmed bin Ali Al-Dahil hem-de energetika, senagat, oba hojalygy, gozgalmaýan emläk we burawlaýyş işleri ugurlarynda işleýän kompaniýalaryň ýolbaşçylary girer — olaryň arasynda Al Ufuq Holding, Al Majdiah Holding, Arabian Drilling Company, Al Taleb Agricultural Company, şeýle hem Saud Arabystanynyň Söwda-senagat edaralarynyň federasiýasy bar.
Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, saud maýadarlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň birnäçe pudaklarynda hyzmatdaşlyk ýola goýmak boýunça mümkinçilikleri jikme-jik öwrenmegi maksat edinýärler.
Forumda ministrler derejesinde gatnaşjakdyklaryny Niderlandlar, Türkiýe, Pakistan, Ermenistan, Gyrgyzystan hem-de Saud Arabystany tassykladylar. Çykyş edijileriň arasynda Ýewropa Bileleşiginiň we Beýik Britaniýanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem bolmagyna garaşylýar.
TIF 2026-nyň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ýurduň Daşary işler ministrligi «Türkmen Kongress» kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
Forum barada giňişleýin maglumat tif-turkmenistan.com resmi saýtda ýerleşdirilen.