CNPC kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hyzmatdaşy bolar

CNPC kompaniýasy «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hyzmatdaşy bolar

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy (CNPC) «Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň platina hyzmatdaşy bolar. Çäre 21–23-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriler.

Hytaýyň milli nebitgaz korporasiýasy Türkmenistanda 2007-nji ýyldan bäri iş alyp barýar.

Korporasiýanyň halkara maslahatyna we sergä gatnaşmagy Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy bellenilýän döwrüne gabat gelýär. Şu ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň dördünji tapgyry boýunça işlere badalga berildi. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň täze ugrunyň düýbüni tutdy. Taslama ulanyş guýularyny burawlamagy we kuwwatlylygy ýylda 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gaza barabar bolan gazy taýýarlaýyş desgasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar.

Iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynyň esasy taslamalarynyň biri 2009-njy ýylda ulanmaga berilen Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisidir. Gaz geçirijiniň hereket edýän üç şahasy boýunça Hytaýa her ýyl 30 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy iberilýär.

Korporasiýa Türkmenistanyň energetika pudagy üçin hünärmenleri taýýarlamaga we türkmen talyplarynyň Hytaýda bilim almagyna hem goldaw berýär.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi energetika kompaniýalarynyň, maýa goýujylaryň, döwlet edaralarynyň hem-de tehnologiýa üpjün edijileriniň wekillerini bir ýere jemlär. Maslahatyň gün tertibine «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, eksport infrastrukturasyny ösdürmek, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TAPI) gaz geçirijisiniň taslamasy, Hazar deňzindäki taslamalar, gazy gaýtadan işlemek, pudagy sanlylaşdyrmak we metan zyňyndylaryny azaltmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT-2026» 31-nji halkara maslahaty we sergisi «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, şeýle hem «Turkmen Energy Forum» (TEF) kompaniýasy tarapyndan guralýar.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№39

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 29-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993