1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow HHR-iň Başlygy Si Szinpine we HHR Döwlet Geňeşiniň Başlygy Li Sýana HHR-iň döredilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasynyň döwrebaplaşmagyň hytaý nusgasyndan yzygiderli ugur alyp, özara hormat goýmaga we deňhukukly ýörelgelere esaslanýan ählumumy hyzmatdaşlygy hem-de döredijilikli gün tertibini öňe sürmäge uly goşant goşýandygyny nygtady.
«Türkmenistan Hytaý Halk Respublikasy bilen ynanyşmagyň we özara düşünişmegiň häzirki derejesine ýokary baha berýär. Biziň ýurtlarymyz özara hyzmatdaşlygy iş ýüzünde yzygiderli giňeldýärler, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrýarlar, energetika, ulag ulgamlarynda we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürýärler, halkara giňişlikde konstruktiw dialogy saklaýarlar” diýlip, hatda bellenilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar netijesinde täze mazmun bilen baýlaşjakdygyna berk ynam bildirdi.
Bellemeli zat, şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygy bellenilýär. Şu ýylyň aprel aýynda «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň çäginde onuň dördünji tapgyryny işläp taýýarlamak boýunça işlere başlanyldy, bu bolsa bilelikdäki hyzmatdaşlygyň täze ugruna badalga berdi.
Iki ýurduň energetika hyzmatdaşlygynyň esasy taslamalarynyň biri-de 2009-njy ýylda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisidir. Gaz geçirijisiniň hereket edýän üç şahasy boýunça Hytaýa ýylda 30 milliard kub metrden gowrak türkmen gazy iberilýär.