Maýa goýum forumyna gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumynda, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşýarlar

Maýa goýum forumyna gatnaşyjylar ýangyç-energetika toplumynda, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşýarlar

1-nji oktýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Maýa goýum forumy (TIF-2026) öz işine başlady. Forumy Daşary işler ministrligi bilen Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilelikde guradylar. Çärä döwlet gurluşlarynyň, halkara maliýe institutlarynyň, guramalaryň we öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary derejeli wekilleri we hünärmenleri jemlendi diýip, TDH habar berýär.

Forumda ýurdumyzyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň, ABŞ-nyň, Beýik Britaniýanyň, Ýaponiýanyň, Singapuryň, Saud Arabystanynyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň, Koreýa Respublikasynyň, Malaýziýanyň, Kataryň we beýleki ýurtlaryň 700-den gowrak wekili gatnaşýar.

Forumyň işi «Maýa goýum işjeňligi – ykdysadyýetiň depginli we durnukly ösüşiniň esasy şerti» atly mejlis bilen başlandy. Oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag ýüzlenmesini diňlediler. Ýüzlenmede bellenilişi ýaly, Türkmenistan maliýe-ykdysady netijeli gurallary we öz ylmy-tehnologik hem-de intellektual kuwwatyny özünde jemleýän şeýle modeli işläp düzmegi baş maksat edinýär. Şonuň üçin ähli ugurlara ýokary tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmaga, olara gönükdirilýän maýa goýumlaryň möçberini artdyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda ýurtda köp pudakly ykdysadyýet kemala getirilýär, senagat infrastrukturasy diwersifikasiýa edilýär, öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda häzirki zaman gaýtadan işleýän kärhanalar we toplumlar döredilýär. Önümçilik we durmuş-ýaşaýyş maksatly iri desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty we durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän taslamalar bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalary, häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmaga, adam maýasyny ösdürmäge gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek milli maýa goýum strategiýasynyň strategik ugry bolup durýar.

Daşary ýurtlaryň wekilleri Türkmenistanyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalaryň dünýäde parahatçylygy we ösüşi pugtalandyrmaga ýardam edýändigini bellediler. Olaryň hatarynda Türkmenistan–Özbegistan–Gazagystan–Hytaý we Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijileri, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, şeýle hem birnäçe beýleki maýa goýum taslamalary bar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu taslamalara ulagyň ähli görnüşlerini çekmäge we ýokary amaly netijelere ýetmäge ýardam edýär.

Goňşy ýurtlaryň we sebitiň döwletleriniň degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary hem Türkmenistan bilen haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösýändigine ünsi çekdiler. Bellenilişi ýaly, ýangyç-energetika toplumynda, ulag, söwda, oba hojalyk we beýleki ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek sebitiň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

Maýa goýum forumynyň çäginde ikitaraplaýyn duşuşyklar hem geçirildi, olaryň barşynda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi uly ugurlary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Maýa goýum forumy 2-nji oktýabrda öz işini tamamlar.

Nebitgaz №39
PDF görnüşinde ýükle
Gazetiň çap görnüşi

Täze sanymyz

№39

2026-njy ýylyň Sentýabr aýynyň 29-y

PDF görnüşinde ýükle

Bahasy: 1 TMT

+993